Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 4:11 - Mukaddes Kitap

11 «Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 «Эркекдигине я-да аялдыгына гарамаздан, патышаның янына чакылыксыз гелен адам бабатда бир канун бар – өлүм, диңе патышаның алтын хасасыны узадан адамы дири галяр. Патышаның әхли көшк эмелдарлары ве онуң әхли велаятларындакы адамлары муны билйәрлер. Мен отуз гүн бәри патышаның янына чагырыламок».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 4:11
9 Iomraidhean Croise  

Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we madaýlaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin.


Ol gyz agşam patyşanyň ýanyna gidip, ertesi patyşanyň gyrnak aýallaryna seredýän agtasy Şagaşgazyň gözegçiligi astyndaky ikinji haremhana gaýdyp gelerdi. Patyşanyň göwnüne ýarap, patyşa adyny tutup çagyrýança, ol ikilenç patyşanyň huzuryna barmazdy.


Soňra Ester Hatak bilen gepleşip, ondan Mordekaýa şeýle habar iberdi:


Olar Esteriň sözlerini Mordekaýa aýtdylar.


Patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Edil şol wagt Mordekaý üçin taýýarlanan dar agajyndan ony asdyrmak barada patyşa bilen gepleşmek üçin, Haman köşgüň daşky howlusyna giripdi.


Patyşa Estere altyn hasasyny uzatdy.


Eger siz maňa gören düýşümi aýdyp bermeseňiz, size ýeke-täk bir höküm garaşýandyr. Wagtyň geçmegi bilen siz meniň pikirim üýtgär öýdüp, maňa ýalan we biderek zatlar aýtmak üçin öz araňyzda dilleşipsiňiz. Şoňa görä-de gören düýşümi maňa siziň özüňiz aýdyp berersiňiz. Şonda siziň onuň ýorgudyny aýdyp biljekdigiňize gözüm ýeter» diýdi.


Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan