Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Мордекай болуп гечен әхли затлар хакында эшиденде, якасыны йыртып, җул гейнип, башындан күл совурды ве шәхериң ортасына чыкып, дады-перят этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 4:1
27 Iomraidhean Croise  

Ysaw kakasynyň sözlerini eşidip, dady-perýat etdi. Ol kakasyna: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip zarynlady.


Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.


Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.


Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi.


Ol patyşa köşgüniň derwezesine çenli geldi, çünki jul geýnen adam derwezeden içeri girmeli däldi.


Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.


Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.


Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.


Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».


Heşbon bilen Elgala nalyş edýär, sesleri Ýahasa çenli eşidilýär. Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar, gorkudan ýürekleri galdyraýar.


Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.


Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.


Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler.


Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?


Gylyç ulanmak üçin çarhlanmaga berildi; gylyç ganhoryň eline berilsin diýip ýiteldildi, çarhlandy.


«Eý, ynsan ogly, ah çek, olaryň gözleriniň alnynda ýüregiňi paralap, ajy gözýaş dök.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.


Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol. Hasratlydyr Rebbiň şol güni, batyr esger ajy perýat eder.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Emma resullar Barnap bilen Pawlus muny eşidip, ýakalaryny ýyrtyp, halkyň ortasyna kürsäp girdiler. Olar batly ses bilen:


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan