Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Kserks patyşanyň şalygynyň on ikinji ýylynyň birinji aýy bolan Nisan aýynda, şu dildüwşügiň amala aşyryljak aýyny we gününi bilmeklik üçin, olar Hamanyň öňünde pur, ýagny bije atdylar. Bije on ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne düşdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ксеркс патышаның шалыгының он икинҗи йылының биринҗи айы болан Нисан айында, шу дилдүвшүгиң амала ашырылҗак айыны ве гүнүни билмеклик үчин, олар Хаманың өңүнде пур, ягны биҗе атдылар. Биҗе он икинҗи ай болан Адар айының он үчүне дүшди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 3:7
13 Iomraidhean Croise  

Kserksiň döwründe ol patyşalyk edip başlan badyna, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny aýyplap, oňa hat ýazdylar.


Bu öý Adar aýynyň üçüne, Darýuşyň patyşalygynyň altynjy ýylynda gurlup gutaryldy.


Bu waka Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynyň Nisan aýynda bolupdy. Şerap getirilende, men ony alyp patyşa uzatdym. Şu wagta çenli onuň huzurynda meniň gussaly bolan pursadym ýokdy.


Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Madaýyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


Ester Kserksiň patyşalygynyň ýedinji ýylynyň onunjy aýy bolan Tebet aýynda patyşanyň huzuryna äkidildi.


On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudylaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudylar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar.


Her ýyl Adar aýynyň on dördünji, on bäşinji günlerini ýahudylaryň öz duşmanlaryndan halas bolan günleri hökmünde, özleri üçin gamgynlykdan şatlyga, ýasdan toýa öwrülen aý hökmünde bellemeklerini olara tabşyrdy. Şol gün olar toý-meýlis gurap, şatlanyp, biri-birlerine toý paý iberişip, garyp-gasarlara sowgatlar ibermelidiler.


Şeýdip, ýahudylar ähli duşmanlaryny gylyçdan geçirdiler, öldürdiler, ýok etdiler. Özlerini ýigrenýänlere islänini etdiler.


Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir.


Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan