Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Мордекайың дыза чөкүп, өзүне тагзым этмейәндигини гөренде, Хаман гахар-газапдан долды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 3:5
13 Iomraidhean Croise  

Patyşanyň agtalary onuň buýrugyny şa aýaly Waşta ýetirenlerinde, ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy. Muňa patyşanyň gaty gahary gelip, onuň kalbynda gazap ody lowlady.


Patyşanyň köşgündäki ähli köşk emeldarlary dyza çöküp, Hamana tagzym etdiler, çünki patyşa olara şeýle tabşyryk beripdi. Emma Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmekden boýun towlady.


Olar Mordekaýa bu barada irginsiz aýtsalar-da, ol bulara gulak asmazdy. Mordekaýyň bu hereketine Hamanyň takadynyň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, köşk emeldarlary muny Hamana habar berdiler, çünki Mordekaý olara özüniň ýahudydygy barada aýdypdy.


Şol gün Haman şadyýan, göwnühoş bolup çykyp gaýtdy. Emma patyşa köşgüniň derwezesinde, Mordekaýyň özünden heder edip, ýerinden turmandygyny görende, Haman Mordekaýa garşy gahar-gazapdan doldy.


Akmagy gahar-gazap öldürýär, nadany gabanjaňlyk ýok edýär.


Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar, goňşularym-da menden uzakda durýar.


Akmagyň gahary derrew bildirýändir, seresaply kişi göwne deglenini ýaşyrýandyr.


Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.


Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.


Akmak ýokary ýerlerde goýulýar, baý pes ýerde oturýar.


Şundan soň Şadraga, Meýşaga we Abednego garşy Nebukadnesaryň gahar-gazaby ot bolup tutaşdy. Gahardan ýaňa hatda onuň ýüzi gamaşyp gitdi. Ol ýanyp duran küräni adatdakysyndan hem ýedi esse artyk gyzdyrmaklaryny buýurdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan