Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Olar Mordekaýa bu barada irginsiz aýtsalar-da, ol bulara gulak asmazdy. Mordekaýyň bu hereketine Hamanyň takadynyň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, köşk emeldarlary muny Hamana habar berdiler, çünki Mordekaý olara özüniň ýahudydygy barada aýdypdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Олар Мордекая бу барада иргинсиз айтсалар-да, ол булара гулак асмазды. Мордекайың бу херекетине Хаманың такадының етҗекдигини я-да етмеҗекдигини билмек үчин, көшк эмелдарлары муны Хамана хабар бердилер, чүнки Мордекай олара өзүниң яхудыдыгы барада айдыпды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 3:4
11 Iomraidhean Croise  

Potyparyň aýaly Ýusuby özi bilen ýatmaga her gün yrjak bolsa-da, ol oňa gulak asmady.


Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun.


Patyşanyň köşk emeldarlary Mordekaýdan: «Sen näme üçin patyşanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmekden boýun towlaýarsyň?» diýip soradylar.


Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy.


Ine, Babyl welaýatynda seniň ýokary wezipelere bellän Şadrak, Meýşak we Abednego atly ýahudylaryň bar. Ine, patyşahym, şol adamlar seniň buýrugyňa boýun egmeýärler. Olar seniň hudaýlaryňa gulluk etmeýärler we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeýärler».


Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler.


Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gögüň Hudaýy Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan