Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Patyşanyň köşgündäki ähli köşk emeldarlary dyza çöküp, Hamana tagzym etdiler, çünki patyşa olara şeýle tabşyryk beripdi. Emma Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmekden boýun towlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Патышаның көшгүндәки әхли көшк эмелдарлары дыза чөкүп, Хамана тагзым этдилер, чүнки патыша олара шейле табшырык берипди. Эмма Мордекай оңа дыза чөкүп, тагзым этмекден боюн товлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 3:2
15 Iomraidhean Croise  

Soňra faraon Ýusuby özüniň weziriniň at arabasyna mündürtdi; Ýusubyň öňünden: «Tagzym ediň!» diýip jar çekdirdiler. Şeýdip, patyşa Ýusuby tutuş Müsür ýurduna hökümdar edip belledi.


Boý gyzlar ikinji gezek bir ýere toplanylanda, Mordekaý köşk emeldarydy.


Mordekaýyň köşk emeldary bolup işleýän döwründe patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtan we Tereş gaharlanyp, Kserks patyşany öldürmegi ýüreklerine düwdüler.


Suza galasynda Mordekaý atly bir ýahudy bardy. Ol benýamin tiresinden bolan Kişiň çowlugy, Şimginiň agtygy, Ýaýyryň ogludy.


Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy.


Patyşanyň köşk emeldarlary Mordekaýdan: «Sen näme üçin patyşanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmekden boýun towlaýarsyň?» diýip soradylar.


Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy.


Şol gün Haman şadyýan, göwnühoş bolup çykyp gaýtdy. Emma patyşa köşgüniň derwezesinde, Mordekaýyň özünden heder edip, ýerinden turmandygyny görende, Haman Mordekaýa garşy gahar-gazapdan doldy.


Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny; men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny, agzamaryn olaryň atlaryny.


Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.


Ol: «Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer» diýdi.


Danyýel patyşadan haýyş edip, Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynyň ýokary wezipelerine belletdi, emma Danyýeliň özi köşkde galdy.


Şonuň üçin hem, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip beren ýerinde ýaşanyňyzda – Hudaýyňyz Reb size ähli duşmanlaryňyzyň elinden parahatçylyk alyp berende, amalekleri hiç kim ýatlamaz ýaly, olaryň adyny asmanyň astyndan ýok edip taşlamagy ýatdan çykarmaň.


Göklerdäki, ýerdäki, ýer astyndaky her kes Isanyň ady agzalanda dyz eper,


Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan