Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 3:12 - Mukaddes Kitap

12 Birinji aýyň on üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Hamanyň tabşyrygy boýunça patyşanyň ähli welaýatlardaky hökümdarlaryna we häkimlerine, bütin halkyň beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde perman ýazyldy. Perman patyşanyň adyndan ýazylyp, onuň ýüzügi bilen möhürlenildi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Биринҗи айың он үчүне патышаның мүрзелери чагырылды. Хаманың табшырыгы боюнча патышаның әхли велаятлардакы хөкүмдарларына ве хәкимлерине, бүтин халкың беглерине, хер велаята өз язувында, хер халка өз дилинде перман язылды. Перман патышаның адындан язылып, онуң йүзүги билен мөхүрленилди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 3:12
12 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi.


Patyşanyň permanlaryny bolsa onuň hökümdarlaryna, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimlerine ýetirdiler. Olar halka we Hudaýyň öýüne kömek etdiler.


Ol her bir erkek öz öýüne hojaýyn bolsun diýip, her halka öz dilinde yglan edip, özüniň bütin patyşalygyndaky welaýatlara hersiniň öz ýazuwynda, öz dilinde hatlar ýollady.


Patyşa Hamana: «Kümüş-de, halk-da seniň ygtyýaryňa berilýär, olara isläniňi et» diýdi.


Patyşa Hamandan yzyna alan möhür ýüzügini çykaryp, Mordekaýa berdi. Ester Mordekaýy Hamanyň bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip goýdy.


Eý, patyşa, sen surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli kişi ýere ýüzin düşüp, altyn heýkele sežde etmeli diýip buýruk berdiň.


Olar patyşanyň ýanyna baryp, onuň permany hakda söz açyp: «Eý, patyşahym! Otuz günüň içinde senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edeniň ýolbarsly çukura taşlanjakdygy baradaky permana gol çekmänmidiň näme?» diýdiler. Patyşa olara: «Madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde bu söz dogrudyr» diýip jogap berdi.


Şol wagt adamlar üýşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Eý, şahym, bilip goýgun, madaý we pars kanunyna görä, patyşanyň tassyk eden karary we permany üýtgedilmeli däldir» diýdiler.


Soňra Darýuş patyşa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan halklara, milletlere we uruglara şeýle diýip ýazdy: «Öýleriňiz abadan bolsun!


Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol çek» diýdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan