Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шу вакалардан соң Ксеркс патыша агак тиресинден болан Хаммедатаның оглы Хаманың везипесини бейгелдип, оны өз янындакы эмелдарларың әхлисинден ёкарда гойды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 3:1
15 Iomraidhean Croise  

Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn».


Ahyry açlyk Müsür topragyna hem aralaşyp ugrady. Halk nalyş bilen faraondan azyk sorap başlady. Faraon ähli müsürlilere: «Ýusubyň ýanyna baryň-da, şonuň diýeni bilen boluň» diýdi.


Sen patyşa we onuň ýedi geňeşçisi tarapyndan Ýahudada we Iýerusalimde eliňdäki Hudaýyň kanunynyň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak üçin,


Olar patyşanyň iň ýakyn adamlary, onuň ýörite maslahatçylary, Parsyň we Madaýyň ýedi begi: Karşena, Şetar, Admata, Tarşyş, Meres, Marsena hem-de Memukan dagylardy. Olar patyşanyň huzurynda iň beýik wezipeleri eýelediler.


Şeýlelikde, patyşa barmagyndaky möhür ýüzügini çykaryp, Hammedatanyň ogly, ýahudylaryň duşmany, agak tiresinden bolan Hamanyň eline berdi.


Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.


Ester: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Haman patyşa bilen şa aýaly Esteriň öňünde gaty gorkdy.


Ester ýene-de patyşanyň aýagyna ýykylyp, aglap, oňa ýalbaryp, ondan agak tiresinden bolan Hamanyň ýahudylara garşy guran wagşyçylykly hilesini ýatyrmagyny sorady.


Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.


Akmak ýokary ýerlerde goýulýar, baý pes ýerde oturýar.


Bu häkimleriň hem üstünden sereder ýaly üç sany wezir goýdy. Patyşany alada goýmaz ýaly häkimler bu wezirlere hasabat bermelidiler. Üç weziriň biri hem Danyýeldi.


Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwarylar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.


Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady.


Olar amalek patyşasy Agagy diri ele saldylar, halky bolsa gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan