Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Bu gyz Hegaýyň göwnünden turup, onuň merhemetini gazandy. Ol dessine Esteri owadanlyk serenjamlary hem-de iýmitden ýetdik paý bilen üpjün edip, patyşanyň köşgünden ýedi kenizi saýlap, ony kenizler bilen bile haremhananyň iň oňat ýerine geçirdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Бу гыз Хегайың гөвнүнден туруп, онуң мерхеметини газанды. Ол дессине Эстери оваданлык серенҗамлары хем-де иймитден етдик пай билен үпҗүн эдип, патышаның көшгүнден еди кенизи сайлап, оны кенизлер билен биле харемхананың иң оңат ерине гечирди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 2:9
12 Iomraidhean Croise  

Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy.


Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi.


Saňa garşy günä eden halkyňy hem-de olaryň Saňa garşy eden ýazyklaryny bagyşla, ýesir alanlaryň olara rehimdarlyk ederleri ýaly, Sen Öz halkyňa duşmanlarynyň gözüniň öňünde rehimdarlyk et.


Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.


Patyşanyň huzuryna barmazdan öň, aýallar düzgüni boýunça gyz on iki aýlyk timar beriş döwrüni geçmelidi. Bu döwürde gyzlara alty aý mür ýagy bilen, alty aý hem atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berilýärdi.


Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin.


Patyşa şa aýaly Esteriň içki otagda duranyny görende, Ester patyşanyň nazarynda merhemet gazandy. Patyşa elindäki altyn hasasyny Estere tarap uzatdy. Soňra Ester oňa golaý baryp, hasanyň ujuna elini degirdi.


Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda, ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar.


Baş gözegçiniň nazarynda Hudaý Danyýele merhemet we rehim-şepagat berdi.


Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan