Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Mordekaý kakasynyň doganynyň gyzy Hadassany, ýagny Esteri özi terbiýeläp kemala getiripdi, çünki ol gyzyň ejesi-de, kakasy-da ýokdy. Ol syratly, görmegeý boý gyzdy. Onuň ejesi, kakasy ölenden soň, Mordekaý ony özüne gyzlyga alypdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Мордекай какасының доганының гызы Хадассаны, ягны Эстери өзи тербиеләп кемала гетирипди, чүнки ол гызың эҗеси-де, какасы-да ёкды. Ол сыратлы, гөрмегей бой гызды. Онуң эҗеси, какасы өленден соң, Мордекай оны өзүне гызлыга алыпды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 2:7
12 Iomraidhean Croise  

Men Müsüre gelmezimden öň, bu ýerde doglan iki ogluň Efraýym bilen Manaşa edil Ruben bilen Şimgon ýaly meniň ogullarymdyr.


Ester Mordekaýyň gyzlygy, onuň kakasynyň dogany Abyhaýylyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy.


Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly özüniň maşgalasy we milleti hakynda olara hiç zat aýtmandy, çünki ol Mordekaýyň tabşyryklaryny özüniň terbiýelenen wagtyndakysy ýaly ýerine ýetirýärdi.


Hut şol günüň özünde Kserks patyşa ýahudylaryň duşmany bolan Hamanyň emlägini şa aýaly Estere berdi. Mordekaý hem patyşanyň huzuryna geldi, çünki Ester onuň öz garyndaşydygy barada patyşa aýdypdy.


ýa-da nanymy ýeke iýip, ýetimler bilen paýlaşmadyk bolsam,


(ýaşlygymdan bäri ýetimlere atalyk edip geldim, doglanym bäri dul hatynlara ýol görkezip geldim)


«Men size Ata bolaryn siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.


Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan