Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Suza galasynda Mordekaý atly bir ýahudy bardy. Ol benýamin tiresinden bolan Kişiň çowlugy, Şimginiň agtygy, Ýaýyryň ogludy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Суза галасында Мордекай атлы бир яхуды барды. Ол бенямин тиресинден болан Кишиң човлугы, Шимгиниң агтыгы, Яйырың оглуды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 2:5
10 Iomraidhean Croise  

Dawut patyşa Bahuryma gelende, Şawulyň garyndaşlaryndan Geranyň ogly Şimgi diýen adam ol ýerden çykdy. Ol gidip barşyna Dawuda sögünýärdi.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy.


Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi.


Şol döwürde Kserks patyşa Suza galasyndaky tagtynda oturyp, ýurtda şalyk sürýärdi.


Çünki Mordekaý ýahudy wezipesine görä, Kserks patyşadan soň ikinji beýik adamdy. Onuň ýahudylaryň arasyndaky abraýy uludy we ol öz ýahudy doganlarynyň köpüsi tarapyndan sylanylýardy, çünki ol öz halkynyň abadançylygy ugrunda göreşip, tutuş halkyna parahatçylyk getiren adamdy.


Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin.


Patyşanyň göwnüne ýaran gyzlaryň biri şa aýaly Waştynyň deregine şa aýaly bolsun». Bu teklip patyşa ýarap, ol olaryň aýdyşy ýaly hem etdi.


Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.


Benýamin tiresinden Kiş atly bir baý adam bardy. Ol Abyýeliň ogly, Seroryň agtygy, Bekoradyň çowlugy, Apyýanyň ýuwlugydy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan