Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 2:15 - Mukaddes Kitap

15 Ester Mordekaýyň gyzlygy, onuň kakasynyň dogany Abyhaýylyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Эстер Мордекайың гызлыгы, онуң какасының доганы Абыхайылың гызыды. Патышаның хузурына бармак нобаты етенде, ол патышаның аяллара гөзегчилик эдйән агтасы Хегайың айданларындан башга хич зат сорамады. Эстер өзүни гөренлериң барының гөвнүнден турды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 2:15
10 Iomraidhean Croise  

Ol gyz agşam patyşanyň ýanyna gidip, ertesi patyşanyň gyrnak aýallaryna seredýän agtasy Şagaşgazyň gözegçiligi astyndaky ikinji haremhana gaýdyp gelerdi. Patyşanyň göwnüne ýarap, patyşa adyny tutup çagyrýança, ol ikilenç patyşanyň huzuryna barmazdy.


Ester Kserksiň patyşalygynyň ýedinji ýylynyň onunjy aýy bolan Tebet aýynda patyşanyň huzuryna äkidildi.


Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin.


Hut şol günüň özünde Kserks patyşa ýahudylaryň duşmany bolan Hamanyň emlägini şa aýaly Estere berdi. Mordekaý hem patyşanyň huzuryna geldi, çünki Ester onuň öz garyndaşydygy barada patyşa aýdypdy.


Abyhaýylyň gyzy şa aýaly Ester Mordekaý ýahudy bilen Purym hakyndaky bu ikinji haty doly ygtyýarlylykda tassyklap ýazdylar.


Rebden gorkmaklyk danalygy öwredýändir, hormat pes göwünlilikden soň gelýändir.


Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok, enesiniň eziz gyzy ol, naýbaşysy ol. Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler; şa aýallarydyr gyrnaklary ony öwdüler.


Men bir diwar, göwüslerim-de diňler deý. Şoňa görä ýarymyň gözüne kämil görünýän men.


Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan