Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 10:3 - Mukaddes Kitap

3 Çünki Mordekaý ýahudy wezipesine görä, Kserks patyşadan soň ikinji beýik adamdy. Onuň ýahudylaryň arasyndaky abraýy uludy we ol öz ýahudy doganlarynyň köpüsi tarapyndan sylanylýardy, çünki ol öz halkynyň abadançylygy ugrunda göreşip, tutuş halkyna parahatçylyk getiren adamdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Чүнки Мордекай яхуды везипесине гөрә, Ксеркс патышадан соң икинҗи бейик адамды. Онуң яхудыларың арасындакы абрайы улуды ве ол өз яхуды доганларының көпүси тарапындан сыланылярды, чүнки ол өз халкының абаданчылыгы угрунда гөрешип, тутуш халкына парахатчылык гетирен адамды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 10:3
17 Iomraidhean Croise  

Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn».


Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň.


Bu açlyk ýene bäş ýyla çekjek. Siziň hiç biriňiz mätäçlik çekmez ýaly, men ol ýerde seni we seniň hojalygyňy hem ähli mallaryňy zerur zatlar bilen üpjün ederin’“.


Efraýymyň batyr ýigidi Zikri patyşanyň ogly Magaseýany, patyşa köşgüniň emeldary Azrykamy we patyşadan soň ikinji adam bolan Elkanany öldürdi.


Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Suza galasynda Mordekaý atly bir ýahudy bardy. Ol benýamin tiresinden bolan Kişiň çowlugy, Şimginiň agtygy, Ýaýyryň ogludy.


Patyşanyň köşgündäki ähli köşk emeldarlary dyza çöküp, Hamana tagzym etdiler, çünki patyşa olara şeýle tabşyryk beripdi. Emma Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmekden boýun towlady.


Ýöne seniň düýşleri ýorup, kyn meseleleri çözüp bilýändigiňi eşitdim. Indi sen bu ýazgyny okap, onuň manysyny maňa düşündirip berseň, saňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylyp, patyşalykda meniň sag elim bolarsyň».


Şundan soň Belşasaryň buýrugy boýunça Danyýele gyrmyzy don ýapdylar, boýnuna altyn zynjyr dakdylar we ony patyşanyň sag eli diýip jar etdiler.


Özüniň ýiti zehini bilen Danyýel derrew beýleki wezirleriň we häkimleriň ählisinden tapawutlandy. Patyşa ony tutuş patyşalygyň üstünden garaýan edip bellemegiň niýetindedi.


Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin.


Kim Isa Mesihe şeýle hyzmat edýän bolsa, Hudaýy hoşnut edip, adamlaryň hormatyna mynasypdyr.


Özlerine edenli baştutan bolup ýörensoň, tutuş Ysraýyl hem, Ýahuda hem Dawudy gowy görýärdi.


Ýonatan oňa: «Sen kakamyň eline düşerin öýdüp gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. Muny kakamam bilýär» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan