Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Kserks patyşa ýurda we deňiz adalaryna salgyt saldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Ксеркс патыша юрда ве деңиз адаларына салгыт салды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 10:1
8 Iomraidhean Croise  

Bulardan deňiz ýakasynda ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine, Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz ýurtlarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.


Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.


Üçünji aý bolan Siwan aýynyň ýigrimi üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Mordekaýyň ähli tabşyryklary boýunça ýahudylara, Hindistandan Efiopiýa çenli bolan aralykdaky ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň hökümdarlaryna, häkimlerine, beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde, şeýle hem ýahudylara öz dilinde we öz ýazuwynda perman ýazyldy.


Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny şöhratlandyryň deňiz adalarynda.


Şundan soňra ol ünsüni kenar ýakasyndaky şäherlere tarap öwrer we olaryň köpüsini basyp alar. Ýöne bir serkerde onuň kemsitmeleriniň soňuna çykar, gopbamsylygy üçin jezasyny berer.


Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan