Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Howly ak we mawy reňkli perdeler bilen bezelendi, olar al gyrmyzy we nepis zygyr ýüplük bilen mermer sütünlerdäki kümüş halkajyklara berkidilendi. Altyn-kümüşden ýasalan kürsüler sadap, mermer we beýleki gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanan ýanýodada goýlandy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Ховлы ак ве мавы реңкли перделер билен безеленди, олар ал гырмызы ве непис зыгыр йүплүк билен мермер сүтүнлердәки күмүш халкаҗыклара беркидиленди. Алтын-күмүшден ясалан күрсүлер садап, мермер ве бейлеки гымматбаха дашлар билен нагышланан янёдада гойланды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 1:6
10 Iomraidhean Croise  

Patyşa köşk bagyndan meýlishana dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.


Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.


Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.


şanly düşekde oturdyňyz, düşegiň öňünde bolsa taýyn saçak bardy. Meniň ýakymly ysly tütetgim bilen ýagymy onuň üstünde goýduňyz.


Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar. Özleriniň Hudaýynyň öýünde jerime pula alnan şeraby içýärler.


Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz».


Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler!


«Ýok, iýjek däl» diýip, Şawul muny ret etdi. Onuň hyzmatkärleri we ýaňky aýal ony yrmaga çalyşdylar. Ol razylaşdy. Ol ýerinden turdy we düşegiň üstünde oturdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan