Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol ýüz segsen günläp patyşalygynyň egsilmez baýlyklaryny, öz belent mertebesini we şöhratyny görkezdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Ол йүз сегсен гүнләп патышалыгының эгсилмез байлыкларыны, өз белент мертебесини ве шөхратыны гөркезди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 1:4
25 Iomraidhean Croise  

Reb tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Süleýmany belende göterdi we heniz Ysraýylda hiç bir patyşanyň eýe bolmadyk şalyk belentligini oňa berdi.


Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Madaýyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


Şol günler geçenden soň, Suza galasynda baý-garyp diýmän bütin halk üçin köşgüň howlusyndaky bagda patyşa ýedi günläp meýlis gurady.


Ine, Bähemosa seret, seni ýaradyşym kimin, ony-da Men ýaratdym, ol öküz kimin ot iýýär.


Neneň bagtly Ýakubyň Hudaýyna daýanýan, onuň Hudaýy Rebbe umyt baglaýan!


Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary.


Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,


Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!


Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlary görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.


Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“».


Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.


Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.


Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip:


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Hudaý Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine Öz şöhratynyň baýlygyny bildirmek üçin şeýle sabyr-takatly bolýandyr.


Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir.


Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.


«Ýa Reb Hudaýymyz! Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň. Hemme zady Sen ýaradansyň. Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan