Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Madaýyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Патышалыгының үчүнҗи йылында ол өзүниң әхли беглери хем көшк эмелдарлары үчин мейлис гурады. Мейлисе Парсың ве Мадайың харбы ёлбашчылары, хан-беглери ве велаятларың хәкимлери гатнашдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 1:3
16 Iomraidhean Croise  

Üç günden soň faraon öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.


Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy.


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Olar patyşanyň iň ýakyn adamlary, onuň ýörite maslahatçylary, Parsyň we Madaýyň ýedi begi: Karşena, Şetar, Admata, Tarşyş, Meres, Marsena hem-de Memukan dagylardy. Olar patyşanyň huzurynda iň beýik wezipeleri eýelediler.


Ol ýüz segsen günläp patyşalygynyň egsilmez baýlyklaryny, öz belent mertebesini we şöhratyny görkezdi.


Soňra patyşa Esteriň hatyrasyna özüniň ähli begleri hem-de köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Ol ähli welaýatlara dynçlyk berdi, hemmelere sahylyk bilen sowgat-serpaýlar etdi.


Kserks patyşanyň şalygynyň on ikinji ýylynyň birinji aýy bolan Nisan aýynda, şu dildüwşügiň amala aşyryljak aýyny we gününi bilmeklik üçin, olar Hamanyň öňünde pur, ýagny bije atdylar. Bije on ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne düşdi.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi.


PERES patyşalygyň bölünip, madaýlara we parslara berildi».


Darýuş öz patyşalygynyň üstünden ýüz ýigrimi sany häkim bellemegi makul bildi. Olar tutuş patyşalygyň üstünden garamalydylar.


Seniň gören iki şahly goçuň Madaý we Pars patyşalarydyr.


Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan