Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 1:19 - Mukaddes Kitap

19 Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we madaýlaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Эгер патыша оңласа, гой, ол бир перман чыкарсын. Ша аялы Вашты мундан бейләк Ксеркс патышаның хузурына бармалы дәлдир дийлип, парсларың ве мадайларың канунларына гиризилсин ве үйтгедилмесин. Шейле хем, гой, патыша Ваштының ша аяллык дереҗесини ондан говурак башга бирине берсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 1:19
10 Iomraidhean Croise  

Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Hut şol günüň özünde şa aýalyň bu hereketini eşiden Pars we Madaý begleriniň aýallary patyşanyň beglerine gulak asmazlar. Bu olarda ýigrenç, gahar-gazap döreder.


Bu maslahat patyşanyň hem-de onuň begleriniň göwnünden turdy we patyşa edil Memukanyň aýdyşy ýaly hem etdi.


Şu wakalardan soň Kserks patyşanyň gahary ýatyşyp, ol şa aýaly Waşty, onuň eden işi hem-de oňa garşy çykarylan perman barada pikirlendi.


Eger patyşa oňlasa, goý, olaryň ýok edilmegi barada bir perman ýazylsyn. Patyşanyň hazynalaryna goýmak üçin, men patyşanyň hazynadarlarynyň eline on ýedi müň batman kümüş bererin».


Ester hem ýerinden turup, patyşanyň huzurynda durdy. Ol şeýle diýdi: «Eger patyşanyň göwnüne ýarasa, eger men patyşanyň nazarynda merhemet gazanan bolsam, bu işi patyşa oňlasa, eger men onuň göwnünden turan bolsam, goý, onda perman ýazylsyn. Şol permanda agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň patyşanyň ähli welaýatlaryndaky ýahudylary ýok etmek üçin hilegärlik bilen ýazan hatlary ýatyrylýar diýip ýazylsyn.


Siz-de ýahudylar hakda nämäni makul bilseňiz, ony patyşanyň adyndan ýazyň-da, patyşanyň ýüzügi bilen möhürläň; çünki patyşanyň adyndan ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlenen permany hiç kim ýatyryp bilmez».


Bir daşy getirip, çukuryň agzynda goýdular. Danyýele degişli hiç zat üýtgedilmesin diýip, patyşa özüniň we töreleriniň möhürli ýüzügi bilen daşy möhürledi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan