Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Kanuny we höküm çykarylyşy oňat bilýän adamlardan maslahat soramak adat bolansoň, patyşa şol döwri oňat bilýän akyldarlardan maslahat sorady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Кануны ве хөкүм чыкарылышы оңат билйән адамлардан маслахат сорамак адат болансоң, патыша шол дөври оңат билйән акылдарлардан маслахат сорады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 1:13
11 Iomraidhean Croise  

ysakarlardan döwre görä Ysraýylyň näme etmelidigini bilýän iki ýüz baştutan; olaryň baştutanlygy astynda bolan ähli garyndaşlary.


Zebulunlardan taplanan, ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan, Dawuda kömek etmekde maksada okgunly elli müň esger;


Patyşanyň agtalary onuň buýrugyny şa aýaly Waşta ýetirenlerinde, ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy. Muňa patyşanyň gaty gahary gelip, onuň kalbynda gazap ody lowlady.


Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.


Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy.


Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.


Danyýel patyşa: «Patyşanyň soraýan bu syryny hiç bir akyldar-da, palçy-da, jadygöý-de, bilgiç-de açyp bilmez.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Ertirine hem: „Asmanyň ýüzi garalypdyr hem tutuk, bu gün gaý turjak“ diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi?


Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan