Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ester 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Patyşanyň agtalary onuň buýrugyny şa aýaly Waşta ýetirenlerinde, ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy. Muňa patyşanyň gaty gahary gelip, onuň kalbynda gazap ody lowlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Патышаның агталары онуң буйругыны ша аялы Вашта етиренлеринде, ол патышаның хузурына бармакдан боюн гачырды. Муңа патышаның гаты гахары гелип, онуң калбында газап оды ловлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ester 1:12
19 Iomraidhean Croise  

Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi: «Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, sen äriňe meýilli bolarsyň, emma ol höküm sürer seniň üstüňden».


Kanuny we höküm çykarylyşy oňat bilýän adamlardan maslahat soramak adat bolansoň, patyşa şol döwri oňat bilýän akyldarlardan maslahat sorady.


Patyşa gazaba münüp, meýlisden çykyp, köşk bagyna tarap çykyp gaýtdy. Haman şa aýaly Esterden öz janyny dilejek bolup şol ýerde galdy, çünki ol patyşanyň özüni öldürmek kararyna gelendigini görüp durdy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.


Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?


Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy.


Harun oňa: «Jenabym, maňa gaharyň gelmesin, bu halkyň päliniň bozukdygyny özüň bilýärsiň-ä.


Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.


Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.


Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy.


Şonda Nebukadnesar gahar-gazaba münüp, Şadragy, Meýşagy we Abednegony getirmeklerini buýurdy. Şeýdip, olary patyşanyň huzuryna getirdiler.


Şundan soň Şadraga, Meýşaga we Abednego garşy Nebukadnesaryň gahar-gazaby ot bolup tutaşdy. Gahardan ýaňa hatda onuň ýüzi gamaşyp gitdi. Ol ýanyp duran küräni adatdakysyndan hem ýedi esse artyk gyzdyrmaklaryny buýurdy.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Eý, aýallar, Rebbe tabyn bolşuňyz ýaly, äriňize hem tabyn boluň.


Şonuň üçin imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da ähli zatda öz ärine tabyn bolsunlar.


Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.


Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan