Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:9 - Mukaddes Kitap

9 Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эй, хоҗайынлар, сиз хем гулларыңыза эдил шу тәрде середиң, олары горка салмаң, себәби оларың хем, сизиң хем гөкде Хоҗайыныңызың бирдигини билйәнсиңиз. Ол хич киме тарапгөйлик этмейәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:9
40 Iomraidhean Croise  

Biziň süňňümizem, aslymyzam beýleki ýahudalaryňky bilen birdir. Çagalarymyzam şolaryň çagasyndan kem däl. Muňa garamazdan, biz ogullarymyzy, gyzlarymyzy gulçulyga bermeli bolýarys. Gyzlarymyzyň-a eýýäm gyrnak bolanlary-da bar. Emma biziň etjek alajymyz ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň elinde» diýýänleri-de bardy.


Han-beglerden ýüz görmeýär, baýy garypdan ýokary tutmaýar, çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.


Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi.


Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr».


Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Hyzmatkärler ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmanlardan dolýar.


Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „Toý saçagy taýýar, emma çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken.


Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip,


Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».


Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär.


Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň.


Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn.


Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.


sebäbi Hudaý ýüz görýän däldir.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr.


Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.


Kim ýamanlyk etse, öz eden ýamanlygynyň almytyny alar, Reb hiç kime tarapgöýlik edýän däldir.


Eý, hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň, sebäbi özüňiziň hem gökde Hojaýynyňyzyň bardygyny bilýänsiňiz.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk sürmäge saýlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan