Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Çünki isle gul bolsun, isle azat, her kimiň öz eden ýagşylygynyň öwezini Rebden aljakdygyny siz bilýänsiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Чүнки исле гул болсун, исле азат, хер кимиң өз эден ягшылыгының өвезини Ребден алҗакдыгыны сиз билйәнсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:8
20 Iomraidhean Croise  

Erbediň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.


Çünki seniň geljegiň bolar ahyryn, umydyň üzülmez.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär.


Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.


«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.


Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.


Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.


Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


Munuň üçin Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilýänsiňiz. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz.


Kim ýamanlyk etse, öz eden ýamanlygynyň almytyny alar, Reb hiç kime tarapgöýlik edýän däldir.


Şonuň üçin hem, ynamyňyzy ýitirmäň, munuň sylagy uludyr.


Musa Mesihiň ugrunda kemsidilmelerini Müsüriň hazynalaryndan has uly baýlyk saýdy, sebäbi ol özüniň aljak beýik sylagyna umyt baglaýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan