Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Эй, гуллар, ердәки хоҗайыныңызың сөзүне эдил Месихиң сөзүне гулак асян ялы, горкы ве титреме билен чын йүрекден гулак асың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:5
27 Iomraidhean Croise  

Rebbiň perişdesi Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da, oňa tabyn bol» diýdi.


Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.


Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär».


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesihden aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesihden aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi.


Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym.


Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Ol hemmäňiziň maňa tabyndygyňyzy, ony galpyldy we uly hormat bilen kabul edişiňizi ýatlanda, size bolan söýgüsi has hem artýar.


Eý, aýallar, Rebbe tabyn bolşuňyz ýaly, äriňize hem tabyn boluň.


Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Ol indi diňe guluň däl, eýsem söýgüli doganyň boldy. Ol meniň üçin örän ezizdir. Ýöne ol hem guluň, hem-de Reb arkaly doganyň bolup, seniň üçin has-da ezizdir.


Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden yhlas bilen gulluk ediň. Siz ata-babalaryňyzyň Ýewfrat derýasynyň aňyrsynda we Müsürde sežde eden hudaýlaryny taşlaň. Diňe Rebbe gulluk ediň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan