Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Эй, аталар, сиз хем чагаларыңызың гахарыны гетирмәң. Гайтам, олары Реббиң тербиеси хем өвүди билен улалдың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:4
32 Iomraidhean Croise  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber».


Umyt barka ogluňa temmi ber, ýöne gaharyň gelip, ony heläk etme.


Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr, ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr.


Çagany dogry ýol bilen terbiýele, ulalanda hem şondan sowulmaz.


Taýak we käýinç danalyk getirýändir, başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr.


Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer, özüňe ýakymly bolar.


Bu gün meniň edişim ýaly, diriler, diňe diriler Saňa şükür edýärler, atalar perzentlerine Seniň wepalylygyňy bildirýärler.


Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.


Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin.


Eý, atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, ýogsam, olar ruhdan düşerler.


Seniň Isa Mesihe bolan hakyky imanyňy ýatlaýaryn. Ozal mamaň Loýisiň, ejeň Ewnikiniň kalbynda mesgen tutan imanyň indi seniň kalbyňda hem ýaşaýandygyna ynanýaryn.


Sen Mukaddes Ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu Ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Manowa oňa: «Seniň aýdanlaryň amala aşanda, biz ol çaga nähili garamaly we oňa näme etmeli?» diýip sorady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan