Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:23 - Mukaddes Kitap

23 Atamyz Hudaýdan, Rebbimiz Isa Mesihden doganlarymyza parahatlyk, iman we söýgi dileýärin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Атамыз Худайдан, Реббимиз Иса Месихден доганларымыза парахатлык, иман ве сөйги дилейәрин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:23
21 Iomraidhean Croise  

Hyzmatkär olara: «Arkaýyn boluň, gorkmaň. Pullary çuwallaryňyza siziň we ataňyzyň Hudaýy siziň üçin salandyr. Pullaryňyzy men aldym» diýdi. Soňra hyzmatkär Şimgony olaryň ýanyna getirdi.


Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.


Men şu hatymy size, Rimdäki doganlaryma ýazýaryn. Hudaý siziň hemmäňizi söýüp, sizi Özüniň halky bolmaga çagyrdy. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!


Parahatlyk Hudaýy, goý, siziň baryňyza ýar bolsun! Omyn!


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Hudaýyň Ysraýyl halkyna, ýagny şu düzgüni berjaý edýänleriň baryna parahatlyk bilen merhemet ýar bolsun!


Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!


Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Rebbiň Özi size hemişe, her ýagdaýda parahatlyk bersin! Reb baryňyza ýar bolsun!


Rebbimiz Isa Mesihiň çäksiz merhemeti, söýgüsi we Onuň beren imany üstüme boldan-bol ýagdy.


Men Makedoniýa ugranymda, Efes şäherinde galmagyňy haýyş edipdim. Sen ol ýerdäki adamlaryň käbirine ýalan taglymatlary ýaýratmazlygy buýur.


Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir.


Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Mesihe degişli bolan siziň hemmäňize parahatlyk ýar bolsun!


Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


we şeýle diýiň: „Özüňiň, maşgalaňyň we ähliňiziň başyňyz abat bolsun!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan