Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:21 - Mukaddes Kitap

21 Meniň ýagdaýymy, näme edýänimi siziň-de bilmegiňiz üçin, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihik size hemme zady gürrüň berer.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Мениң ягдайымы, нәме эдйәними сизиң-де билмегиңиз үчин, сөйгүли доганымыз, Реббиң садык хызматкәри Тихик сизе хемме зады гүррүң берер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:21
11 Iomraidhean Croise  

Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Indi bolsa, eý, doganlar, size şulary mälim edesim gelýär: meniň başyma inen külpetler dogrudan-da Hoş Habaryň ýaýramagyna ýardam etdi.


Siz bu Hoş Habary söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Ol siziň ugruňyzda Mesihiň sadyk hyzmatkäridir.


Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň.


Tihiki bolsa Efese ýolladym.


Men Artamy ýa-da Tihiki seniň ýanyňa ýollamakçy. Olardan biri barandan soň, gaýrat edip, Nikopolise, meniň ýanyma geljek bol. Sebäbi men gyşy şu ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm.


Ol indi diňe guluň däl, eýsem söýgüli doganyň boldy. Ol meniň üçin örän ezizdir. Ýöne ol hem guluň, hem-de Reb arkaly doganyň bolup, seniň üçin has-da ezizdir.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan