Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:2 - Mukaddes Kitap

2-3 «Ene-ataňa hormat goý, şonda ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ömrüň uzak bolar» – bu Hudaýyň wada bilen beren ilkinji buýrugydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2-3 «Эне-атаңа хормат гой, шонда ягшылык гөрүп, ер йүзүнде өмрүң узак болар» – бу Худайың вада билен берен илкинҗи буйругыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:2
13 Iomraidhean Croise  

Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.


Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.


Ýermeýa Rekabyň kowumlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Siz ataňyz Ýonadabyň buýrugyna gulak asdyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny berjaý etdiňiz, size buýran ähli zatlaryny ýerine ýetirdiňiz.


Özüňiz üçin öý gurmaň, ekin ekmäň, üzüm agaçlaryny oturtmaň, bu zatlary edinmäň. Eýsem bütin ömrüňize çadyrlarda ýaşaň. Şonda gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz“.


Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.


„Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň.


Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan