Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:18 - Mukaddes Kitap

18 Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Хер бир ягдайда ялбармак билен, Мукаддес Рухуң ылхамы аркалы Худая дога-дилег эдиң. Хүшгәр болуң, Худайың әхли халкы үчин хемише дилегде болуң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:18
51 Iomraidhean Croise  

Öz guluň hem-de halkyň Ysraýyl islendik wagt Seni çagyranlarynda, Sen olaryň nalyşlaryny eşit. Goý, gözleriň olarda bolsun.


Süleýman Hudaýa dilegini, ýalbaryşyny tamamlandan soň, Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde ellerini göge gerip, dyza çöken ýerinden turdy.


Goý, meniň Rebbiň öňünde dile getiren sözlerim Beýik Hudaýa gije-gündiz ýakyn bolsun. Beýik Hudaý dünýäniň ähli halklarynyň Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga Hudaýyň ýokdugyny bilerleri ýaly, Reb Öz guluny, ysraýyl halkyny gündelik zerur zatlar bilen üpjün etsin.


Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar.


Şeýle hem, Mordekaý özlerini derbi-dagyn etmek baradaky Suzada çykarylan permanyň ýazuw nusgasyny Estere görkezip, düşündirmegi üçin Hataga berdi. Ol Estere patyşanyň huzuryna baryp, ondan öz halkyna rehim etmegini sorap, öz adamlary üçin oňa ýalbarmagyny tabşyrmaklygy Hatakdan haýyş etdi.


Gudratygüýçlüden hoşal bolarmy ol? Ol her zaman medet dilärmi Hudaýdan?


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Menden daşlaşyň, eý, betkärleriň bary, çünki Reb eşitdi agy sesimi.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.


Men dileg edip, öz günämi we halkym Ysraýylyň günäsini boýun alyp, Hudaýymyň mukaddes dagy üçin Hudaýym Rebbiň huzurynda nalyşlarymy aýan edip durdum.


Perişde bilen göreşip, ýeňdi. Aglap onuň göwnüni tapjak boldy. Hudaý ony Beýtelde tapdy. Şol ýerde biziň bilen gepleşdi.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.


Hüşgär boluň, oýa boluň! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz.


Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.


Nagaý Mahadyň, Mahat Mattatýanyň, Mattatýa Şimiýiň, Şimiý Ýosehiň, Ýoseh Ýodanyň,


Lemek Metuşelanyň, Metuşela Hanogyň, Hanok Ýerediň, Ýeret Mahalaleliň, Mahalalel Keýnanyň,


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, emma ýygnak onuň üçin Hudaýa yhlas bilen doga edýärdi.


Biz bolsa özümizi Hudaýa doga-dileg etmäge we Onuň Hoş Habaryny wagyz etmäge bagyş edeliň».


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.


Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.


Siz hem ýahudylar ýaly Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň mesgeni bolmak üçin, hemmäňiz birlikde Mesihde bina edilýärsiňiz.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Her gezek geplänimde, gerekli sözler berilsin diýip, meniň üçinem Hudaýdan diläň. Şonda men Hoş Habar baradaky syry batyrgaýlyk bilen aç-açan wagyz ederin.


Siziň ähliňiz üçin şatlanyp, elmydama Hudaýa doga-dilegler edýärin.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Biz siziň üçin doga-dileg edip, elmydama Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa şükürler edýäris,


sebäbi biz siziň Isa Mesihe bolan imanyňyz we Hudaýyň ähli halkyna görkezen söýgiňiz hakynda eşitdik.


Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň.


Dyngysyz doga-dileg ediň.


Şoňa görä, eý, Timoteos, ilki bilen şulary ündeýärin: hemmeler üçin doga-dileg ediň, olar üçin Hudaýa ýalbaryň, Oňa minnetdarlyk bildiriň.


Men hem ata-babalarym ýaly Hudaýa päk wyždandan hyzmat edýärin. Doga-dileglerimde seni gije-gündiz dyngysyz ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň.


Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg edensoň, Eliý onuň agzyna seredip otyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan