Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:17 - Mukaddes Kitap

17 Şeýle hem gutulyş tuwulgasyny geýip, Hudaýyň sözüni, ýagny Mukaddes Ruhuň gylyjyny ele alyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Шейле хем гутулыш тувулгасыны гейип, Худайың сөзүни, ягны Мукаддес Рухуң гылыҗыны эле алың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:17
20 Iomraidhean Croise  

Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň, Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.


Dilimi kesgir gylyç kimin etdi, meni eliniň kölegesinde gizledi; ýiti ok edip, Öz sagdagynda ýaşyrdy meni.


Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.


Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.


Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi.


Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň.


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy. Onuň ýüzi süýrgünortanyň Güni kimin parlaýardy.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Toba et! Ýogsa tizara ýanyňa baryp, agzymdaky gylyç bilen olara garşy urşaryn.


Başynda bürünç tuwulga, egninde bolsa teňňeli sowut bardy. Sowudyň agramy üç batman bürünje barabardy.


Şawul ondan: «Ýigit, sen kimiň ogly bolarsyň?» diýip sorady. Dawut: «Seniň beýtullahamly hyzmatkäriň Ýyşaýyň ogly men» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan