Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:13 - Mukaddes Kitap

13 Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Шонуң үчин яман дөвүрде гайтавул берип билмегиңиз үчин, Худайың әхли ярагларыны дакының. Шонда орнуңызда берк дурмагы башарарсыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:13
15 Iomraidhean Croise  

Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Eý, siz bela gününi uzak saýyp, zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!


Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.


Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.


Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys.


Her bir pursatdan degerli netije çykaryň, sebäbi bu ýaramaz döwürdir.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.


Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan