Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:10 - Mukaddes Kitap

10 Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Шунлукда, Реббиң бейик гүйҗи билен кувватланың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:10
30 Iomraidhean Croise  

Ine, seret, mukaddes öý gurmak üçin Reb seni saýlady. Berk dur-da, işi ýerine ýetir».


Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».


Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.


Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!


Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin.


Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.


Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun! Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir:


Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.


Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Eý, balalar, size ýazýaryn: siz Atamyz Hudaýy tanaýarsyňyz. Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz. Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi kalbyňyza ornandyr. Siz şeýtany ýeňdiňiz.


Şawulyň ogly Ýonatan Dawudyň yzyndan Horeşe geldi. Ol Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan