Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, çagalar, Rebbiň hatyrasy üçin ene-ataňyzyň sözüne gulak asyň, sebäbi bu dogrudyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Эй, чагалар, Реббиң хатырасы үчин эне-атаңызың сөзүне гулак асың, себәби бу догрудыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 6:1
33 Iomraidhean Croise  

Ýusup ogullaryny kakasynyň öňünden alyp, oňa iki bükülip tagzym etdi.


Şeýdip, Ysraýylyň ogullary kakalarynyň beren tabşyrygyny aýdyşy ýaly berjaý etdiler.


Sen Sinaý dagynyň depesine inip, gökden olar bilen gürleşdiň. Olara dogry hökümler, hak kanunlar, oňat parzlar hem tabşyryklar berdiň.


Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly özüniň maşgalasy we milleti hakynda olara hiç zat aýtmandy, çünki ol Mordekaýyň tabşyryklaryny özüniň terbiýelenen wagtyndakysy ýaly ýerine ýetirýärdi.


Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, emma Hudaý maňa jeza bermedi.


Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.


Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny, eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.


Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi, eneňi ýigrenme garran wagtynda.


Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr, enesine alkyş edýän däldir.


Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.


Oglum, ataň buýrugyny berjaý et, eneň öwütlerinden ýüz öwürme.


Rekabyň ogly Ýonadabyň öz nesillerine şerap içmäň diýen tabşyrygy berjaý edilýär. Olar tä şu güne çenli şerap içmän, ata-babalarynyň tabşyrygyna gulak asýarlar. Men bolsam size irginsiz aýtdym, emma Meni diňlemediňiz.


Ýermeýa Rekabyň kowumlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Siz ataňyz Ýonadabyň buýrugyna gulak asdyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny berjaý etdiňiz, size buýran ähli zatlaryny ýerine ýetirdiňiz.


Biz atamyz Rekabyň ogly Ýonadabyň özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik. Biziň özümiz-de, aýallarymyz-da, ogul-gyzlarymyz-da hiç wagt şerap içmedik.


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Onsoň Isa ene-atasy bilen Nasyra gaýtdy, olaryň sözüne gulak asdy. Emma Onuň ejesi bu gürrüňleriň ählisini ýüreginde saklaýardy.


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.


Emma Kanun şonda-da mukaddesdir; onuň her bir buýrugy mukaddes, adalatly we oňatdyr.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Eger biriniň hötjet, boýun egmezek, ata-enesine gulak asmaýan, olaryň terbiýesini almaýan ogly bar bolsa,


Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr.


Siz her bir ynsan häkimiýetine Rebbiň haky üçin tabyn boluň. Ýurduň başy bolan patyşa bolsun


Rut oňa: «Seniň ähli diýenleriňi aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.


Dawut irden turup, goýunlary sakça tabşyrdy. Ýyşaýyň tabşyryşy ýaly, azyklary alyp ýola düşdi. Dawut düşelgä gelende, goşun gykylyklap, söweş meýdanyna tarap barýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan