Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:9 - Mukaddes Kitap

9 Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň miwesidir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Догруданам, әхли ягшылык, догрулык ве хакыкат нуруң мивесидир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:9
18 Iomraidhean Croise  

Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň.


Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi.


Eý, doganlarym! Men siziň ýagşylykdan doludygyňyza, hemme zady bilýändigiňize, biri-biriňize öwüt bermegi başarýandygyňyza berk ynanýaryn.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Tersine, hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesih ýaly hemmetaraplaýyn kämilleşeris.


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Şeýlelikde, hakykaty biliňize guşak edip dakynyň, dogrulygy egniňize sowut edip geýiň.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Eý, aýallar, äriňize tabyn boluň, çünki şeýle etmek Rebbe degişli adamlara ýaraşýandyr.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.


Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar,


Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.


Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan