Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Хич ким сизи бош сөзлер билен алдамасын. Шу затлар себәпли Худайың газабы Өзүне боюн эгмейәнлериң үстүнден инйәндир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:6
28 Iomraidhean Croise  

Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň?


„Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň.


«Ähli sürgündäkilere habar ýollap, Reb nehelamly Şemagýa hakda şeýle diýýär diý: „Men ony ýollamadyk hem bolsam, Şemagýa size pygamberlik edip, ýalana bil bagladýar“.


Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler!


Halkymy azaşdyryp, özlerini doýurýanlara asudalyk diläp, doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn!


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Onsoň Isa olara şeýle düşündirmäge başlady: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn!


Ýamanlyklary bilen hakykaty bökdeýän adamlaryň hudaýsyzlygyna we ýamanlygyna garşy Hudaý Öz gahar-gazabyny gökden aýan edýär.


Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.


Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn.


Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.


Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir.


Özüňizi hiç kime hiç ýol bilen aldatmaň. Çünki köpler Hudaýa garşy baş galdyrar we ýok edilmeli bikanun adam peýda bolar. Ýöne bu zatlar amala aşýança, Rebbiň güni gelmez.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Şeýlelikde, biz olaryň ynanmandyklary zerarly wada berlen ýere girip bilmändiklerini görýäris.


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan