Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Шуны билип гоюң: хич бир азгының, мурдарың я-да ачгөзүң Месихиң ве Худайың Шалыгында мирасы ёкдур. Чүнки шейле адамлар бутпаразлар билен дес-деңдир

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:5
15 Iomraidhean Croise  

Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


Indi bolsa men sizi Hudaýa tabşyrýaryn. Onuň merhemetli Hoş Habaryny unutmaň! Bu Habar size güýç-gudrat berer, Hudaýyň mukaddes halky bilen birlikde Onuň wada beren ýalkanyşlaryny eçiler.


Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiňe düwen niýetiň Hudaýyň nazarynda dogry däl.


Ynsan höwesleriniň netijesi bellidir. Olar zynahorlyk, haramlyk we azgynlykdyr;


we bahyllyk; serhoşlyk, azgynlyk meýlisleri we şuňa meňzeş zatlardyr. Men size öň duýduryşym ýaly, ýene-de bir gezek duýdurýaryn: kimde-kim şular ýaly ýaşaýan bolsa, Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym. Aşagyna kümüş goýup, men olary çadyrymyň içinde ýere gömdüm» diýip jogap berdi.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan