Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Шейле хем араңызда биэдеплик, яңралык, бидерек дегишме-де болмасын. Булар сизе ярашмаяр. Муңа дерек Худая шүкүр эдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:4
29 Iomraidhean Croise  

Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury. Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi.


Reb höküm sürýär, Ol şöwkete beslenen. Reb gudrata beslenen, ony guşanan – dünýä bina edilen, asla sarsmaz Ol.


Seresaplylar bilimi özi üçin saklaýar, akmagyň ýüregi bolsa akmaklygyny äşgär edýär.


Danalygyň dilinden bilim ýaýraýar, akmagyň agzyndan akmaklyk çykýar.


Dilindäki sözleri akmaklyk bilen başlanyp, ýaman telbelik bilen gutarýar.


Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.


Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Indi bolsa gahar-gazaby, ýamanlyklaryň hemmesini özüňizden aýryp taşlaň. Agzyňyzdan hiç bir töhmet we paýyş sözler çykmasyn.


Biz Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli örän şatlandyk. Siziň üçin Hudaýa näçe şükürler aýtsagam azdyr!


Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.


Men Isa Mesihiň maňa berýän ygtyýary bilen saňa etmeli işleriňi buýrup-da bilerdim,


Şonuň üçin hem Isa arkaly Hudaýa gurbanlyk hökmünde hemişe öwgi bagyş edeliň. Onuň adyna alkyş aýdalyň!


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Azgynlaryň ahlaksyz ýaşaýşyndan jebir çeken dogruçyl Luty halas etdi.


Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan