Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:32 - Mukaddes Kitap

32 Bu beýik syrdyr, ýöne men munda Mesih we imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Бу бейик сырдыр, йөне мен мунда Месих ве иманлылар йыгнагы барада гүррүң эдйәрин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:32
14 Iomraidhean Croise  

Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Töwratda şeýle ýazylan: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar».


Şunlukda, her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine hormat goýsun.


Her gezek geplänimde, gerekli sözler berilsin diýip, meniň üçinem Hudaýdan diläň. Şonda men Hoş Habar baradaky syry batyrgaýlyk bilen aç-açan wagyz ederin.


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem sylanýan, ikiýüzli däl, şeraba ýykgyn etmeýän, gara nebsine çapmaýan adamlar bolmalydyr.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan