Eýsem siz öz bedeniňiziň Isa Mesihiň bedeniniň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Indi Mesihiň agzasyny alyp, ony bir loly bilen birikdireýinmi? Asla etmen!
Elbetde, hiç kim hiç haçan öz bedenini ýigrenýän däldir. Gaýtam, edil Mesihiň imanlylar ýygnagyna seredişi ýaly, ony iýmitlendirip, aladasyny edýändir.
Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.