Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:3 - Mukaddes Kitap

3 Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Араңызда азгынлык, харамлык, ачгөзлүк эдйән болмасын. Бейле затлар Худайың халкына гелишмейәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:3
58 Iomraidhean Croise  

Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»


Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.


Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn».


Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr, adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr.


Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.


«Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.


Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes hile bilen gün görýär. Şonuň üçin aýallaryny başgalara, melleklerini talaňçylara bererin.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Erkek aýalyna ýanaşyp, ondan tohum aksa, erkegem, aýalam suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.


Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; birini öýünden, ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler.


Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.


Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.


Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar.


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim.


Olaryň kalby her tüýsli ýamanlykdan, adalatsyzlykdan, açgözlükden we azgynlykdan doludyr. Olar görip, ganhor, dawaçyl, ýalançy we betpäldir. Olar gepçi,


Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.


Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.


Olaryň käbirleri ýaly azgynçylyk etmäliň: bir günde olaryň ýigrimi üç müňüsi öldi.


Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn.


Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir.


Azgynlykdan gaçyň. Adam her nähili günä etse-de, ol onuň tenine galtaşýan däldir. Emma azgynlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir.


Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.


Olaryň edýän gizlin işleri hakda hatda söz açmak-da aýypdyr.


Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň;


Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy.


öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr.


şeraba höwesjeň däl, zalym däl-de, mylaýym, dawa-jenjelden gaça durýan, pula gyzmaýan adam bolmalydyr.


sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.


Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,


Olaryň agzyny baglamak gerek. Çünki olar ýygnaklarda öwretmesiz zatlary öwredip, maşgalalary bütinleý dargadýarlar. Iň erbedi-de, olar bulary pul gazanmak üçin öwredýärler.


Ýygnagyň ýolbaşçysy Hudaýa hyzmat edýär. Şoňa görä-de, ol müýnsüz bolmalydyr. Ol özdiýenli, gyzma, şeraba meýilli, uruşgan bolmaly däl, gara nebsine çapman,


Şonuň ýaly, garry aýallar hem gybata, şeraba ýykgyn etmän, tersine, Hudaýyň halkyna gelişýän tärde ýaşap, hemmelere ýagşy zatlary öwretmeklerini ünde.


Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin.


Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym. Aşagyna kümüş goýup, men olary çadyrymyň içinde ýere gömdüm» diýip jogap berdi.


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Men oňa toba etmäge wagt berdim, ýöne ol azgynlygyndan ýüz öwresi gelenok.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Olar ganhorlyklaryndan, jadygöýliklerinden, azgynlyklaryndan we ogurlyklaryndan dänmediler, toba gelmediler.


Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan