Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:29 - Mukaddes Kitap

29 Elbetde, hiç kim hiç haçan öz bedenini ýigrenýän däldir. Gaýtam, edil Mesihiň imanlylar ýygnagyna seredişi ýaly, ony iýmitlendirip, aladasyny edýändir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Элбетде, хич ким хич хачан өз беденини йигренйән дәлдир. Гайтам, эдил Месихиң иманлылар йыгнагына середиши ялы, оны иймитлендирип, аладасыны эдйәндир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:29
13 Iomraidhean Croise  

Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol erkekden alnandyr» diýdi.


Merhemetli özüne peýda getirýär, zalym bolsa özüne zyýan edýär.


«Akylsyz goluny gowşuryp oturyp, özüni heläk edýär».


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Ähli agaçlar öz miwesini berer, ýer öz hasylyny eçiler. Olar öz ýurtlarynda howpsuz ýaşarlar. Boýuntyryk baglaryny goparyp, gul edenleriň elinden azat edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz?


Olar doňýürek, pähimsiz, ähtiýalan we rehimsizdir.


Edil şu tärde ärler-de aýalyny öz bedenlerini söýüşleri ýaly söýmelidirler. Aýalyny söýýän özüni söýýändir.


Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys.


Töwratda şeýle ýazylan: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan