Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:23 - Mukaddes Kitap

23 Mesih imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesih Öz bedeni bolan ýygnagyň Halasgäridir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Месих иманлылар йыгнагының башы болшы ялы, әр хем аялың башыдыр. Месих Өз бедени болан йыгнагың Халасгәридир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:23
11 Iomraidhean Croise  

Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir.


Tersine, hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesih ýaly hemmetaraplaýyn kämilleşeris.


Şonuň üçin imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da ähli zatda öz ärine tabyn bolsunlar.


Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Ähli zatda ilkinji orny alsyn diýip, başlangyç-da, ilkinji bolup ölümden direlen-de Oldur.


Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan