Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:19 - Mukaddes Kitap

19 Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Билеликде мезмурлар, өвгүли ве рухы айдымлар айдың; Реббе түйс йүрекден сазлар чалып, нагмалар айдың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:19
16 Iomraidhean Croise  

Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.


Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.


Rebbe nagma aýdyň, Onuň adyna alkyşlar okaň, halas edýändigini günsaýyn buşlaň.


Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar, ýöne siz ýürek derdinden perýat edersiňiz, hasratly ruh bilen perýat edersiňiz.


„Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr.


Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.


Ýarygije töweregi Pawlus bilen Silas doga-dileg edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.


Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan