Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:16 - Mukaddes Kitap

16 Her bir pursatdan degerli netije çykaryň, sebäbi bu ýaramaz döwürdir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Хер бир пурсатдан дегерли нетиҗе чыкарың, себәби бу ярамаз дөвүрдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:16
18 Iomraidhean Croise  

Soňra Ýakup: «Entek günortan çagy ahyryn; entek dowarlary ýygnardan ir; olary suwa ýakyň-da, äkidip bakyň» diýdi.


Men öz ýazygymy boýun alýaryn, günäm babatda hasrat çekýärin.


Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.


Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.


Patyşa: «Meniň kararymyň çynlakaýdygyny görüp, siziň wagt utmak isleýändigiňizi anyk bilýärin.


Şonuň üçin akylly ynsan şeýle pursatda ümsüm bolar, çünki bu bir erbet zamandyr.


Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar.


Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.


Şonuň üçin-de, biri-biriňizi söýüp ýaşaň, häzir zamananyň nähilidigini bilýänsiňiz. Ukudan oýanmaly sagadymyz gelip ýetdi, sebäbi biziň halas bolmaly pursadymyz Isa Mesihe iman eden wagtymyzdakydan has golaýlandyr.


Şu muşakgatly döwürde her kesiň öňki halynda galany ýagşydyr.


Atamyz Hudaýyň yradasyna görä, Rebbimiz Isa bizi şu azgyn döwürden halas etmekçi bolup, günälerimiz üçin Özüni gurban etdi.


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz.


Aýagyňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etmek taýynlygyny geýiň.


Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan