Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шейле хем сиз сөйгүли чагалар кимин Худайдан гөрелде алың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 5:1
13 Iomraidhean Croise  

Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“».


Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.


Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».


Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.


Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.


Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Mähribanlarym, Hudaý bizi şeýle söýendigi üçin, biz hem biri-birimizi söýmelidiris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan