Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:9 - Mukaddes Kitap

9 Eýsem «çykanda» diýen söz nämäni aňladýar? Bu Mesihiň ilki aşak – ýer ýüzüne inendigini aňlatmaýarmy näme?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эйсем «чыканда» диен сөз нәмәни аңладяр? Бу Месихиң илки ашак – ер йүзүне инендигини аңлатмаярмы нәме?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:9
22 Iomraidhean Croise  

Reb ynsanlaryň gurýan galasyny hem-de minarasyny görmek üçin aşak indi.


Öz dilleri olaryň başyna ýeter, olary görenleriň bary hopugyp gaçar.


«Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly? Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?


Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy.


Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?


Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.


Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen Ynsan Ogly çykandyr.


Çünki Hudaýyň çöregi gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýändir» diýdi.


Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim.


«Gökden inen çörek Mendirin» diýeni üçin ýahudylaryň baştutanlary Oňa garşy çykyp hüňürdeşdiler.


Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».


Hawa, gökden inen çörek budur. Seret, bu ata-babalaryňyzyň iýen mannasy ýaly däldir. Olar manna iýseler-de, ölüp gitdiler, emma bu çöregi iýen adam baky ýaşar» diýdi.


Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny görseňiz näme diýerkäňiz?


Isa olara: «Men Öz-Özüme şaýatlyk edýän hem bolsam, Meniň şaýatlygym hakdyr. Sebäbi Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz.


Ony perişdelerden biraz wagtlyk pes tutduň. Oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň,


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan