Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Ähli zatdan üstün, ähli zat arkaly we ähli zatda bolan Atamyz Hudaý-da birdir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Әхли затдан үстүн, әхли зат аркалы ве әхли затда болан Атамыз Худай-да бирдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:6
31 Iomraidhean Croise  

Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!


Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys?


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys.


Maňa bolan söýgiň olarda-da bolsun, Men hem olarda bolaýyn diýip, Seniň adyňy olara tanatdym we tanatmagy dowam ederin».


Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.


Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!


Amallar dürli-dürlüdir, ýöne her kesde ähli zady edýän şol bir Hudaýdyr.


biziň üçin ýeke-täk Hudaý bardyr, Ol biziň Atamyzdyr, ähli zadyň gözbaşy-da Oldur. Biz Onuň üçin ýaşaýandyrys. Biziň üçin ýeke-täk Hökümdar bar, Ol Rebbimiz Isa Mesihdir, hemme zat Ol arkaly ýaradylandyr. Biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy.


Siz hem ýahudylar ýaly Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň mesgeni bolmak üçin, hemmäňiz birlikde Mesihde bina edilýärsiňiz.


Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Atamyz Hudaýdan, Rebbimiz Isa Mesihden doganlarymyza parahatlyk, iman we söýgi dileýärin.


Eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.


Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Hudaýyň biziň bilen ýaşaýandygyny Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan