Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Сиз бир Бедене, бир Руха шәрик болярсыңыз; Худай хеммәңизи бир умыда чагырандыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:4
28 Iomraidhean Croise  

Eý, Ysraýylyň Umydy, hasratly wagtyndaky Halasgäri! Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly, gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly?


Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Ýok! Biz özümiziň hem, olaryň hem Rebbimiz Isanyň merhemeti bilen halas bolýandygymyza ynanýarys».


Çünki Hudaý beren peşgeşlerini yzyna almaýar, Öz çakylygyny ýatyrmaýar.


Çöregiň bir bolşy ýaly, biz köp bolsak-da, bir bedendiris. Çünki şol bir çöregi paýlaşýandyrys.


Aslynda agzalar köp, beden bolsa birdir.


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir.


Ol haçdaky ölümi arkaly duşmançylygy ýok etdi we iki topary bir beden kimin edip, olary Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris.


Siz hem ýahudylar ýaly Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň mesgeni bolmak üçin, hemmäňiz birlikde Mesihde bina edilýärsiňiz.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys.


Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.


Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň.


Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.


Halasgärimiz Hudaýyň we umydymyz bolan Isa Mesihiň buýrugyna görä Onuň resuly men Pawlusdan


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Oňa umyt baglaýan her bir adam Mesihiň päk bolşy ýaly, özüni päk saklar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan