Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:32 - Mukaddes Kitap

32 Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Бири-бириңизе мәхирли ве рехим-шепагатлы болуң. Худайың сизи Месих аркалы багышлайшы ялы, сиз хем бири-бириңизи багышлаң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:32
34 Iomraidhean Croise  

Öz sözüňiň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi edip, guluňa bildirdiň.


Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.


Dogruçyl kişi malynyň janyny hem gaýgyrýar, erbetleriň rehimi hem zalymlykdyr.


Paýhasly adam giň göwünli bolar, ýazyk geçmek onuň şöhratydyr.


Adamdan garaşylýany wepalylykdyr, Garyp adam ýalançydan ýagşydyr.


Dogry adamlar ölüp gidýärler, hiç kim muňa üns bermeýär. Takwa adamlar ýogalýarlar, muňa hiç kim düşünmeýär, dogrular betbagtçylykdan gutarylýar.


Efiopiýaly Ebetmelek Ýermeýa: «Indi ýyrtyk eginbaşlar bilen esgileri goltugyňyň aşagyna goý-da, tanapy geçir» diýdi. Ýermeýa-da aýdylyşy ýaly etdi.


Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.


Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».


Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr: Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.


Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň günälerimizi bagyşla. Bizi synaga salma» diýdi.


Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä edip, ýedi gezek hem ýanyňa gelip: „Toba edýärin!“ diýse, ony bagyşla».


Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.


Başgalary ýazgarmaň, şonda siz hem ýazgarylmarsyňyz. Hiç kimi günäkärlemäň, şonda size-de günä ýöňkelmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.


Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.


Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar,


Siziň bagyşlan kişiňizi men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň hatyraňyz üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym.


Ol bütinleý gam laýyna batmaz ýaly, indi ony bagyşlamalysyňyz, teselli bermelisiňiz.


Biz muny päklik, bilim, tutanýerlilik, rehim-şepagat, Mukaddes Ruhuň barlygy, çyn söýgi,


Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň.


Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.


Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.


Eý, balalar, size ýazýaryn: Mesihiň hatyrasyna günäleriňiz bagyşlandy.


Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan