Zimri ölenden soň, ysraýyl halky iki bölege bölündi. Halkyň ýarysy Ginatyň ogly Tibnini patyşa etjek bolup, onuň yzyna eýerdi, galan ýarysy bolsa Omrynyň yzyna eýerdi.
Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.
Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.