Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Efesliler 4:29 - Mukaddes Kitap

29 Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Агзыңыздан хич хачан ярамаз сөз чыкмасын. Гайтам, диңлейәнлериң мәтәчликлерине гөрә, герекли сөзлери сөзләп, олары рухландырың, шонда сөзлериңиз олара пейда гетирер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Efesliler 4:29
41 Iomraidhean Croise  

Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.


Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.


Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler. Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler; ýagşylyk edýän ýok.


Ýamanlar ýazykly gürrüňinden duzaga düşýär, dogruçyllar kynçylykdan ýol tapýar.


Ynsana şatlyk gowy jogapdan gelýändir, ýerlikli söz adama şatlyk getirýändir.


Dananyň dili bilim ýaýradýar, akmagyň aňy beýle däldir.


Ýüregi parasatla paýhasly diýilýär, ýakymly sözleýiş bilimi artdyrýar.


Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň ogly dälmi?» diýip soradylar.


Ýahýanyň sözlerini eşidip, bu iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi.


Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.


Biziň her birimiz öz ýakynynyň imanyny güýçlendirjek zatlaryň pikirini edip, onuň göwnünden turmalydyrys.


Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr.


Olaryň wezipesi Hudaýyň halkyny Oňa hyzmat etmäge taýýarlamakdan we Mesihiň bedeni bolan imanlylar ýygnagyny berkitmekden ybaratdyr.


Onuň ýolbaşçylygy astynda tutuş beden her bognuň kömegi bilen baglanyp, Oňa birikdirilýär. Her agzanyň kadaly işlemegi netijesinde beden kemala gelip, söýgi arkaly sazlaşykly hereket edýär.


Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz hemişe ýakymly we mazmunly bolsun.


Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan